Türkmenistanda neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirerler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 15-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň