Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda “Soňky jaň” dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Mämmedow 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Meýilnama laýyklykda, 25-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyzlyk binasyna hem-de welaýatlaryň baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralary guralar. Şondan soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan çäreler geçiriler. Şunda göreldeli uçurymlara we tapawutlanan bilim işgärlerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Baýramçylyk gününde mekdep uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň gözel künjeklerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençleri guralar. Mundan başga-da, şanly seneler mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsertleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer dabaralary ýokary derejede guramak boýunça taýýarlanan degişli teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda baýramçylyk çäreleriniň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak "Soňky jaň" dabaralarynyň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň