Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyndan ugur alnyp, şertnamalaýyn esasda meýdanlardan ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara öz wagtynda hem-de ýitgisiz daşamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda degişli ulag serişdeleriniň bökdençsiz, netijeli we utgaşykly işledilmegini üpjün etmek ugrunda degişli çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we ony häzirki zaman ýük awtoulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere galla oragy möwsüminde ulag serişdeleriniň bökdençsiz işini guramak, olary öz wagtynda taýýarlamak we ýük daşamak hyzmatlarynyň hilini hem-de möçberini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.