15-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri bilen syýasy nukdaýnazardan örän möhüm duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 13-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibinde duran meseleler, ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, iki ýurduň bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelere seredildi. Şunlukda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, esasan-da, ulag-logistika ýaly möhüm ugurda bilelikdäki işleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iki döwletiň halklarynyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi.
13-nji maýda Kazan Kremlinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ugurda bar bolan giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselelerine uly üns berildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän türkmen we tatar halklarynyň taryhy ýakynlygy barada aýratyn bellenip geçildi.
Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetine ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda Tatarystanyň bilim edaralarynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 8 müňe golaýynyň bilim alýandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.
14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşyp, yslam dünýäsine degişli döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklara çuňňur hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýetnama berdi. Şeýlelikde, şol günlerde Kazanda geçirilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda ICESCO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp, at çapyşyklaryny synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana amala aşyran sapary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi. “Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma we beýleki çärelere gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.