Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Aşgabatda 22-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Türkmenistan öz tarapyndan geljegi nazara almak bilen, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär.

Türkmenistan GDA döwletleriniň ulag-kommunikasiýa, logistika we infrastruktura mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli çäreleri görýär.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, bu ulgamda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermekde gatnaşyklary pugtalandyryp, elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýa babatda netijeli tehnologiýalara, gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berýär.

Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi.

Şeýle-de maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan tarapyndan 2027-nji ýylda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň, 2028-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Karaganda şäheriniň “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýlip yglan edilmegi hakyndaky çözgüt goldanyldy.

Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


Yza

Şeýle hem okaň