Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz watandaşlaryna we paýtagtyň ýaşaýjylaryna Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlag ýüzlenmesini iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutany öz Gutlagynda ak mermerli paýtagtyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tanalmaz derejede özgerýändigini we iri möçberli maýa goýum maksatnamalarynyň esasy maksadynyň şäher ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, şeýle hem ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna kabul edilmegi onuň halkara abraýyny täze belentliklere çykardy. Şäheriň baýramçylyk dabaralarynyň mekdeplerde bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen gabat gelmegi bolsa halkyň ruhubelentligini has-da artdyrýar. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşmegi paýtagtyň diplomatik ornuny berkidýär.

Prezident Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtda alnyp barylýan ägirt uly gurluşyklaryň bütin halkymyzyň buýsanjydygyny aýratyn nygtady. Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany halkymyza we paýtagtyň ýaşaýjylaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň