Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki ýurduň dostlugynyň nyşany hökmünde Alabaý we Alaja atly iki sany arassa ganly türkmen alabaýyny sowgat iberdi. Türkmen halkynyň adyndan ýollanan bu özboluşly sowgat tatar tarapyndan aýratyn hoşallyk we uly ruhubelentlik duýgusy bilen kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, şol sanda onuň iri sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Energetika, ulag we ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystana amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edilen çözgütler hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşmegine kuwwatly itergi berer.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çäginde itşynaslyk ýörelgelerini ösdürmek boýunça hem özara tejribe alşylýar. Milli Liderimiziň Tatarystanyň Baştutanyna ozal Akdost atly alabaýy sowgat berendigi mälimdir. Täze iberilen alabaýlaryň gowşurylmagy bolsa iki halkyň taryhy umumylyklaryna goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşany boldy. Bu waka Tatarystanda arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmäge hem-de bu ugurdaky ylmy gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşar.
Tatar topragyna eltilen türkmen alabaýlary täze şertlere tiz öwrenişip, özleriniň wepadarlyk hem-de goragçylyk ýaly özboluşly aýratynlyklary bilen hemmeleri haýran galdyrdy.