XXV Halkara köpugurly sergi we maslahatynyň – «Ak şäher Aşgabat – 2026» (WCA 2026) çäklerinde resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Hökümetiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre sanly tehnologiýalar, energetika, ulag infrastrukturasy, agyr senagat we şäher ösüşi ugurlarynda pudagara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.
Esasy netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bitdeer Technologies Group kompaniýasynyň (Singapur Respublikasy) arasynda köptaraplaýyn Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy. Resminama döwrebap sanly infrastrukturany we tehnologiki ekoulgamy ösdürmäge, şeýle hem ykdysady diwersifikasiýany goldamaga we möhüm pudaklaryň sanly özgertmesini çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi Muroosystems Corporation (Ýaponiýa) kompaniýasy bilen innowasion tehnologiýalar we energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi.
Senagat hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. we Mitsubishi Corporation Machinery Inc. (Ýaponiýa), şeýle hem Çalık Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş. (Türkiýe) kompaniýalaryndan ybarat halkara konsorsium bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Ylalaşyk «Garabogazkarbamid» ammiak-karbamid toplumyna tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Hong Kong Richie Sweet Co., Ltd. (HHR) bilen hem Ähtnama baglaşdy.
Ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi nemes Inros Lackner SE kompaniýasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem tehnika bilen üpjün etmekligi, awtoparky döwrebaplaşdyrmagy we logistika düzümini ösdürmegi öz içine alýan Shantui Construction Machinery Co., Ltd. we Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited (Hytaý) kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdi.
Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi «Gök depeler» hojalyk jemgyýeti bilen Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk iki mekdebi, şeýle hem 320 orunlyk çagalar bagyny taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça birnäçe şertnamalara gol çekdi. Mundan başga-da, etrabyň ýaşaýjylaryna niýetlenen döwrebap lukmançylyk merkezini gurmak boýunça «Hil merkez» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşyldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy WCA 2026 forumynyň çäklerinde ösüşiň toplumlaýyn häsiýetini açyp görkezdi hem-de Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak we şäher düzümini durnukly ösdürmek babatyndaky meýillerini tassyklady.