Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenabat şäheriniň Magtymguly
köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji
jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800422) 3-17-28.