Köneürgenç etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Köneürgenç şäheriniň Lebap
köçesiniň 32-nji jaýynda ýerleşýän Köneürgenç etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan –
12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Köneürgenç etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy, Köneürgenç şäheriniň Lebap köçesiniň 32-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800347) 3-70-95.