Gahryman Arkadagymyz Gurban baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy we gurbanlyk sadakasyny berdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji maýda Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň baýram namazyna gatnaşdy. Bu ýere ýaşulular we daşary ýurtly diplomatlar ýygnandylar. Namazdan soňra, Milli Liderimiz ýurduň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aramgähine baryp, öten-geçenleriň ruhuna tagzym etdi we aýat okatdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Soňra Hajy Arkadagymyz Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk täze metjide geldi. Ol ýerde desganyň taslamalary, içki we daşky bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilli we wagtynda tamamlanmagy, şeýle hem ekologiýa ýagdaýynyň goralmagy barada maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz şäheriň «Märkaw» myhmanhanasynda daşary ýurtly diplomatlaryň we ýaşulularyň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi. Sadakada ýurduň abadançylygy we halkyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilip, aýat-töwir okaldy.


Yza

Şeýle hem okaň