Türkmenistan Duşenbede geçirilen suw maslahatynda halkara başlangyçlaryny hödürledi

Duşenbe şähherinde 2026-njy ýylyň 25 – 28-nji maýy aralygynda «Durnukly ösüş üçin suw - 2018–2028-nji ýyllar» atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň çäklerinde ýokary derejeli 4-nji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Açylyş dabarasynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň suw serişdelerine durnukly ösüşiň, sebit durnuklylygynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny, aýratyn-da Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetüsti häsiýetini nazara alýandygyny belledi.

Çykyşda Türkmenistanyň suw we ekologiýa ugurlaryndaky halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň suw meseleleri boýunça Sebit geňeşini BMG-niň howandarlygynda döretmek baradaky başlangyjyň döwletleriň bähbitlerini utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmi hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini hem-de Çölleşmäge garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyçlarynyň derwaýyslygy tassyklanyldy. Bu merkezler ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tehnologiýalary alyşmaga we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň suw serişdeleri, howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreş we biodürlüligi gorap saklamak boýunça BMG-niň esasy konwensiýalarynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygy, ekologiýa prosesleriniň özara baglanyşyklylygyny we olary toplumlaýyn esasda çözmegiň zerurdygyny nazara almak bilen tassyklanyldy.


Yza

Şeýle hem okaň