Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde, 26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler federal ministrliginiň Ýewropa meseleleri boýunça döwlet ministri Günter Krihbbaumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhümdigi bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini, şol sanda german kompaniýalary bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, şol sanda bilim, adam kapitalyny ösdürmek, akademiki we hünär alyşmalaryny giňeltmek meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de durnukly ösüşe we parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin “Merkezi Aziýa – Germaniýa” görnüşindäki dialogyň ähmiýeti nygtaldy.


Yza

Şeýle hem okaň