Buharestde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişini geçirildi

Buharest şäherinde 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Rumyniýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan welosipedli ýörişi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny ilerletmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde sport diplomatiýasynyň möhüm ornuny belledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda kabul edilen Kararnama laýyklykda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar halkara dialogy berkitmäge, medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ekologiýa, ynsanperwerlik we sport başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler.


Yza

Şeýle hem okaň