Astrahanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsullygy 2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişini gurady. Bu barada Astrahandaky türkmen konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.

Sport çäresi Wolga derýasynyň kenarýakasynda badalga aldy. Oňa konsullygyň işgärleri we Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişi, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ýurduň baý medeni mirasyny we onuň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe gidişini özünde utgaşdyryp, dostluk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Welosipedli ýörişi şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly ýagdaýda tamamlandy we oňa gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly täsirler galdyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň