Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýunda watandaşlaryny sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

«Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä welosiped güni mynasybetli täsirli çäreleriň we ýaryşlaryň guralmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar» diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýatlap geçsek, Bütindünýä welosiped güni BMG tarapyndan 3-nji iýunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi.


Yza

Şeýle hem okaň