Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Resminama daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen tassyklanyldy.


Yza

Şeýle hem okaň