Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistan daşary ýurtlarda welosipedli ýörişler geçirdi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilip geçilýän halkara baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, ekologiýa medeniýetini hem-de halkara hyzmatdaşlygy wagyz etmek maksady bilen sport çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäheriniň «Yntymak» seýilgähinde welosipedli ýöriş guraldy. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň yglan edilendigi barada giňişleýin maglumat berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygy (Dubaý ş.) tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy. Çärä gatnaşyjylar ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ösdürmek, ilatyň saglygyny berkitmek we durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek ugrunda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Geçirilen çäreler Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýedigini nobatdaky gezek görkezdi.


Yza

Şeýle hem okaň