Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady. Forumyň işine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministri Muhammetseýit Silapowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Iki hepdeden gowrak wagtyň dowamynda wekiller iş üpjünçiligini gazanmagyň, durmuş goraglylygyny kämilleşdirmegiň we durmuş dialogyny berkitmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Sessiýanyň çäklerinde Muhammetseýit Silapowyň Halkara zähmet guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ýokary ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Milli zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, zähmeti goramagyň toplumlaýyn ulgamyny kämilleşdirmäge we zähmetkeşler üçin durmuş kepilliklerini berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasynyň düzgünlerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we durnukly durmuş ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze geljegi uly taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk bildirildi.