Türkmenistan we Gyrgyzystan parlamentara dialogy pugtalandyrmak meselesini maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Nury Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Marat Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar ýaly köp sanly ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýän parlamentara dialogyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýän dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda özara saparlary guramak, dürli derejelerde gatnaşyklary dowam etdirmek, şeýle hem iki ýurduň wekilleriniň halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň