Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu toparyň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Ulag-logistika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Energetika ulgamy-da mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň hatarynda boldy. Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn bellediler.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitlediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


Yza

Şeýle hem okaň