Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Oguzhan
etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar
bulwary köçesiniň 52-nji jaýynda ýerleşýän “Marygazçykaryş” müdirliginiň Durmuş
taýdan dolandyryş edarasynyň Medeniýet köşgüniň edara
binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary
köçesiniň 52-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800559 6-58-78.
Okamak