Türkmenistanda Finlýandiýanyň täze ilçisi resmi taýdan öz işine başlady

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 10-njy iýunda Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-fin gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şeýlede, Finlandiýanyň täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitarapalaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň giňeltmek boýunça özara gyzyklanma barada bellenildi.

 


Yza

Şeýle hem okaň