Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy we Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanyldy

Ýurdumyzda ylmyň we bilimiň abraýyny dünýä derejesine götermek, ýokary taýýarlykly ýaş alymlaryň täze neslini ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde täze taryhy çözgüt kabul edildi. Alymlar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň degişli geňeşleriniň netijenamalaryna esasanyp, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

Bu abraýly at döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman ylmyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy, milli we halkara bähbitli innowasion-senagat, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki özgertmeleri amala aşyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin berildi. Şeýle hem bu çözgütde hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrýan içeri we daşary syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki taryhy işleriniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine biragyzdan saýlanyldy.

Ýurduň Ýolbaşçysynyň akademiklige saýlanmagynda onuň halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä standartlaryna laýyk getirmekde alyp barýan syýasaty esas boldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek hem-de halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrundaky ägirt uly hyzmatlary nazara alyndy.


Yza

Şeýle hem okaň