Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.