Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollandygy «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde resmi taýdan habar berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow öz gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda Si Szinpiniň bitiren şahsy hyzmatlaryna örän ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine daýanýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna aýratyn ünsi çekdi. Bu hyzmatdaşlygyň dünýä giňişliginde nusgalyk derejededigi bellenip, geljekde iki halkyň bähbidine döwletara gatnaşyklaryň has-da berkdiljekdigine we täze many-mazmun bilen giňeldiljekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakymly pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz tarapyndan Hytaýyň dostlukly halkyna hemişelik parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş dilegleri ýollandy.


Yza

Şeýle hem okaň