Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berilýär.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlag hatynda Hytaýyň soňky ýyllarda gazanan durmuş-ykdysady üstünliklerine, halkara abraýynyň artmagyna we halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna Si Szinpiniň parasatly ýolbaşçylygynyň uly goşant goşandygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň Hytaý bilen dostlukly we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi bellenilip geçildi. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejelere göteriljekdigine berk ynam bildirildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de Hytaýyň dostlukly halkyna parahatçylyk, bagt hem-de gülläp ösüş dilegleri ýollandy.