Türkmenistan Şuşada geçirilen maslahatda ýurdyň daşary syýasat ugruny hödürledi

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň hukuk döwletiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Maslahata gatnaşyjylar ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini bellediler hem-de sebitlerde durnukly parahatçylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlary bilelikde öňe sürmegiň wajypdygyny tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň