Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragy möwsüminiň gidişi bilen ýerinde tanyşdy. Ýurduň oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň çägindäki bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyzy oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we welaýatyň häkimi garşyladylar. Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap dänäniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň zähmet höwesini has-da artdyryp, olaryň hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrundaky yhlasyny güýçlendirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Gäwers» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi D.Muhammetsähedowyň bugdaý meýdanynda boldy we onuň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, täze hasylyň oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri we meýdanlaryň hasyllylygy bilen gyzyklandy. Şeýle hem ýurdumyzda döredilen güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» ýaly täze önümli görnüşleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, Prezident sebitde guralan gök-bakja, däneli ekinleriň we täze hasylyň undan bişirilen çörek önümleriniň sergisini synlady. Saparyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew galla oragy möwsüminiň umumy gidişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we bökdençsiz ýygnap almagyň zerurdygyny tabşyryp, halal zähmet çeken kärendeçä gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.


Yza

Şeýle hem okaň