Hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň üstünliklere beslenmeginiň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatlaryň amal bolmagynyň hatyrasyna hem-de öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen berk baglydygyny belledi.

“Şu gün hem biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowara gatnaşyp, sogap iş etdik” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy we merhumlaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenlerimizi hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, “Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý» diýýän halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralap, Seýit Jemaleddin metjidinde berilýän sadaka hem munuň bir mysalydyr.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.

Milli Liderimiz sadaka gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýdyp, okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we “Ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Bagtyýar durmuşymyz dowamat-dowam bolsun!” diýip, ýagşy arzuwlaryny beýan etdi.

Sadakadan soňra, hajy Arkadagymyz asman giňişliginde Aşyr aýynyň ilkinji günlerinde lowurdap dogan Aýy ýüzüne syldy we ýurdumyza abadançylyk, parahatçylyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg etdi.


Yza

Şeýle hem okaň