Aşgabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Maslahatyň plenar mejlisinde çykyş etmek üçin, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.

“Bu işde «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy.

Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlikleri, täze sepgitleri arzuw etdi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime söz berildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak, umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

“30 ýylyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler”, - diýip Anwar Ibrahim nygtady.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de belent mertebeli myhman ilki Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilýona bardylar. Bu ýerde kompaniýanyň wekili hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň barşy barada giňişleýin maglumat berdi.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


Yza

Şeýle hem okaň