Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 22-nji iýunda, ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda harytlar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri hem-de özara söwdanyň gümrük statistikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär.
Tehniki şertleriň durmuşa geçirilmegi harytlar boýunça deslapky maglumatlary yzygiderli we netijeli alyşmak mehanizmini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa gümrük amallaryny çaltlandyrmaga, ýükleriň resmileşdiriliş wagtyny azaltmaga hem-de daşary ykdysady amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Öz gezeginde, gümrük statistikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Teswirnama statistiki maglumatlaryň alyş-çalşygyny kämilleşdirmäge, özara söwdanyň has takyk hasaba alnyp barylmagyny üpjün etmäge hem-de daşary ykdysady işjeňlik boýunça dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin seljeriş binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.