Germaniýanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň gurallarynyň, şol sanda yzygiderli geňeşmeleriň we degişli iş toparlarynyň işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow Germaniýanyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi türkmen tarapyna özüniň işlän döwründe görkezilen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.


Yza

Şeýle hem okaň