Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýunda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi: «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanadany, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini, «Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Ikitaraply duşuşyklaryň dowamynda işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Arkadag şäheriniň şanly senesi bilen mähirli gutladylar.

Şeýlede, myhmanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde uly üstünliklere beslenýändigini aýtdylar we pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimize doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde, Türkmenistan daşary ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Iri daşary ýurtly kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň