Türkmenistanda ralli-reýd boýunça ýaryşyň jemlerini jemlediler

2026-njy ýylyň 27-nji we 28-nji iýuny aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Jemi uzynlygy 358 kilometr bolan iki günlük ýaryş Garagum sährasynyň iň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Ýaryşyň ugry iki tapgyra bölündi: birinji çalt wagtly tapgyryň uzynlygy 181,32 km, ikinji tapgyryňky bolsa 61,43 km boldy.

Ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine we Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine wekilçilik edýän toparlar çykyş etdiler. Iki günlük çekeleşikli bäsleşigiň netijeleri boýunça umumy hasapda çempionatyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänleri kesgitlendi.

Ýaryşda iň gowy netijäni Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Baýram Annagulyýew görkezdi, ol "Nissan Patrol" awtomobilinde ýoly 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

"Nissan Patrol" awtomobilinde ikinji orny Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyew 3 sagat 46 minut 1 sekunt netije bilen eýeledi.

Öňdebaryjylaryň üçlügini "Toyota Hilux" awtomobili bilen 4 sagat 2 minutda pellehana gelen Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Çaryýar Çaryýarow tamamlady.


Yza

Şeýle hem okaň