Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjüçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň
1-nji jaýynda ýerleşýän Wekilbazar etrabynyň Medeniýet öýünde sagat
10:00-dan 12:00-a çenli aralykda
boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekileriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Türkmenistan
köçesiniň 1-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800558 6-11-94;
800558 6-11-95.