Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda
Baýramaly şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýynda ýerleşýän
Baýramaly etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800558 6-26-76.