Türkmenistanda Keniýanyň ilçisi resmi taýdan öz işine başlady

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 1-nji iýulda Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Jonah Maina Mwangi Türkmenistanda Keniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň