Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, gümrük gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirilmegi we Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň ýokary derejede bellenilmeginiň möhümdigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygy gözegçilikde saklamak, döwlet serhetlerini berkitmek, şeýle hem gümrük we migrasiýa gulluklarynda hyzmat derejelerini we standartlaryny ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.