Aşgabatda we Ahal welaýatynda täze suw üpjünçilik desgalary işe girizildi

1-nji iýulda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Dabara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan suw göteriji bekediň ýanyna ýygnandylar. Şolaryň hatarynda oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary we hünärmenleri, etrabyň köp sanly ýaşaýjylary bar. Dabaranyň dowamynda täze suw göteriji bekediň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra suw göteriji bekediň binasynyň öňünde şowhunly el çarpyşmalar bilen toý bagy kesildi. Beketde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň öndüren suw göteriji enjamlary ornaşdyrylypdyr. Suw göteriji bekediň kuwwaty 6 müň gektardan gowrak ekerançylyk ýerini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Onuň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 39 müň 789 metr, şol sanda uzynlygy 26 müň 929 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 12 müň 860 metr bolan täze beton akabalar guruldy.

Bu ýerde täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli täze awtoulaglar we döwrebap tehnikalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Açylyş dabarasy etrabyň çäginde täze gurlan beýleki bir suw göteriji bekediň çäginde dowam etdi. Bu iki suw göteriji bekediň sazlaşykly işi arkaly dag eteklerindäki ekerançylyk ýerleri suw bilen bökdençsiz üpjün ediler.

Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar täze desganyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar. Suw desgasynyň gatlalary elektromehaniki usulda açylyp-ýapylyp, suwa we onuň töweregindäki ýagdaýlara sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, degişli dispetçer nokady dizel-generator bilen üpjün edilip, “Garagumderýa” birleşiginiň aragatnaşyk toruna birikdirilendir.

Açylyş dabarasynyň dowamynda desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary ruhubelentlik bilen kabul etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň