Türkmenistan Hytaýyň iri möçberli sebit taslamalaryny amaly taýdan goldamagy dowam edýär

Aşgabatda Hytaý Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 105 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Şanly seneden ugur alýan bu çärä ýurduň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda zähmet çekýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň eden çykyşy ýygnananlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Çynar Rustemowa öz çykyşynda HKP-nyň baştutanlygynda Hytaýyň geçen taryhy ýoluna we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna ýokary baha berdi. Ol häzirki wagtda dünýäniň iň öňdebaryjy senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwrülen Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlikleriniň binýadynda berk düzgün-nyzamyň, zähmetsöýerligiň we agzybirlik däpleriniň durandygyny nygtady. Şeýle hem ýurtda jemgyýetçilik bähbitleriniň hemişe şahsy bähbitlerden ileri tutulýandygyny we adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garalmagynyň partiýanyň ynsanperwer syýasatynyň özeni bolup durýandygyny belledi.

Bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda amala aşyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, milliarddan gowrak hytaý halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanandygy we ýurduň öňdebaryjy tehnologik döwlete öwrülmegi başardandygy bellenildi. Daşary syýasatda bolsa HKP tarapyndan öňe sürülýän ählumumy başlangyçlaryň, aýratyn-da adamzadyň bitewi geljegini gurmaga gönükdirilen «Bir guşak – bir ýol» taslamasynyň köp polýarly dünýäniň emele gelmeginde uly ähmiýete eýedigi aýdyldy.

Türkmenistan hem bu halkara başlangyçlary diňe bir goldamak bilen çäklenmän, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi» baradaky milli konsepsiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen doly utgaşýandygy baradaky garaýyşlary ýene bir gezek nygtaldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan bu iki ägirt uly taslama Ýewraziýa giňişligini kuwwatly maliýe-logistika merkezine öwürmek bilen, sebit halklarynyň abadançylygyny ýokary götermäge göni ýardam edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk nusgalyk häsiýete eýe boldy. Ýetilen sepgitleriň düýbünde iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ýokary derejeli syýasy ynam durýar. Hut şol ynam bolsa geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.


Yza

Şeýle hem okaň