Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi we degişli Kararlara gol çekildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Bahar Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamadaky baýramçylyklar we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagy mynasybetli dürli çäreler guralyp, döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde halkara ähmiýetli çäreler guraldy. Paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty, TÜRKSOÝ-yň opera günleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri ýokary derejede geçirildi. Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Rimde bolsa «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de sirk artistleri Azerbaýjanda we Stambulda şowly çykyş etdiler.

Ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen, ýaz möwsüminde ylmy-barlag, rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, «Türkmenfilm» birleşigi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hem hasabat berdi.

Mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine hem seredildi. Hormatly Prezidentimiz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Şamyradowy medeniýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen G.Myradalyýewi belledi we ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

G.Myradalyýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyklar arzuw etdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy we bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen H.Şanazarowany belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere medeniýet edaralarynyň işine berk gözegçilik etmegi, gadymy mirasy, edebi gymmatlyklary öwrenmegi we wagyz etmegi, ýadygärliklere syýahatçylary çekmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphana we muzeý işini halkara tejribeler esasynda kämilleşdirmegiň, täze çeper we dokumental filmleri surata düşürmegiň, Döwlet neşirýat gullugynyň kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

 


Yza

Şeýle hem okaň