Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijelerine seredildi we degişli Kanuna gol çekildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, geçen alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 18-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlisde degişli işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan degişli Kanuny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň birnäçe kanunlarynyň kabul edilendigini, köp sanly kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hukuk binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy we şanly baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak maksady bilen, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.


Yza

Şeýle hem okaň