Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler

14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini we yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky yzygiderli we özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Ministrler ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berdiler. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady, energetika, senagat, şeýle hem ulag we logistika ýaly esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini jikme-jik seljerdiler. Şeýle hem söhbetdeşler ylym, bilim we sungat ugurlary boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow we Bahtiýor Saidow sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministrleri Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky esasy meselelerde iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň