Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

Aşgabatda şu ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara saparlaryň we gepleşikleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Gepleşiklerde ikitaraplaýyn syýasy dialogy işjeň dowam etdirmek, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde gatnaşyklary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Munuň bilen birlikde, taraplar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, parlamentara, sebitara we pudaklaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanda guralmagy göz öňünde tutulýan halkara çäreleriň taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady ugurda özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek we Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşyldy. Şeýle-de ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek, logistika düzümini kämilleşdirmek, senagat, oba hojalygy, energetika hem-de sanly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri kesgitlenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn depgini bellenilip, täze taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrýan aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy.


Yza

Şeýle hem okaň