Türkmenistan Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek üçin durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde degişli ýolbaşçylara geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy.

Işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda alnyp barylmaly.

Şunuň bilen baglylykda, täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidigini aýtdy.

«Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr», diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.


Yza

Şeýle hem okaň