Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegini ýokary bahalandyrdylar we 2025-nji ýylyň aprelinde hem-de dekabrynda Tokioda geçirilen ýokary derejeli netijeli gepleşikleriň taryhy ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki netijelerini we täze, geljegi uly ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Alnyp barylýan tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, Sukuba uniwersiteti bilen bilelikde wodorod energetikasy ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem ýerli telekeçiligi goldamaga gönükdirilen «Bir oba — bir önüm» (OVOP) atly şowly başlangyjy öňe sürmäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, söhbetdeşler sanly ulgama geçmek, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we adam maýasyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda uzak möhletli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler. Gepleşiklerde durnukly ösüş ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem söwda-senagat, medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny giňeltmäge uly ähmiýet berildi.


Yza

Şeýle hem okaň