Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçýär

Tbiliside Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze sepgitlere çykandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, iki halkyň birek-biregiň özboluşly däp-dessurlary we sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Döredijilik forumynyň maksatnamasyny türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi açdy. Onda seýrek duşýan muzeý gymmatlyklary, halylar, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň işleri görkezildi. Iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň, kitaphana işgärleriniň hem-de teatrlaryň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşyklary Medeniýet günleriniň möhüm bölegi boldy. Bu duşuşyklarda hünärmenler tejribe alyşmagyň we medeni giňişlikde hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gruzin tomaşaçylary üçin türkmen sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda baý mazmunly konsert maksatnamasy taýýarlanyldy. Meşhur türkmen estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren gruzin aýdymlary tomaşaçylarda aýratyn şatlyk we buýsanç döredip, iki dostlukly döwletiň sarsmaz agzybirliginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Dabaraly konsertiň jemlemesi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan» diýen aýdymy ýaňlandy.


Yza

Şeýle hem okaň