Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyza sapar bilen gelen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Bu gepleşikler döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan has-da kämilleşdirmekde we täze belentliklere çykarmakda aýratyn ähmiýetli ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki ösüşine ýokary baha berdiler. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran taryhy iş saparlarynyň gatnaşyklaryň strategik häsiýetini berkitmekdäki ägirt uly orny aýratyn nygtaldy.
Myhmanlar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugurlary, şeýle-de ýurtdaky kanunçykaryjylyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky ähmiýetli başlangyjynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň sebitdäki parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki işine ýokary baha berdiler.
Şeýle-de saparyň çäginde türkmen-koreý parlamentara dostluk toparlarynyň we ugurdaş komitetleriň ýörite duşuşygy guralyp, onda hyzmatdaşlygy iş ýüzünde kämilleşdirmegiň anyk gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň we halkara giňişlikde özara goldaw bermegiň mümkinçilikleri giňden seljerildi.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar, energetika, ulag-logistika, gämi gurluşygy, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar pudaklarynda bilelikdäki işleriň örän netijeli barýandygy duşuşykda kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de hökümetara toparynyň alyp barýan işleriniň ikitaraplaýyn uzak möhletli bähbitlere laýyk gelýändigi nygtaldy.
Ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara, aýratyn-da bilim we dil öwrenmek meselelerine hem uly üns berildi. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlaryň Koreýada bilim almagy, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniň giňden öwredilmegi medeni dostlugyň berk durnuklylygyny görkezýär we bu işjeň gatnaşyklaryň geljekde hem parlament diplomatiýasy arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna bolan ynamy berkidýär.