Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 5–21-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Fusin we Fuçžou şäherlerinde Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) boýunça geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy. Hytaýyň Täjirçilik ministrligi tarapyndan guralan bu çäre Pekin şäherindäki Halkara işewürlik we ykdysadyýet uniwersitetinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak boýunça öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmekden, halkara söwda ulgamynda tejribe alyşmakdan hem-de degişli edaralaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar Hytaýyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmakda we öz milli bähbitlerini goramakda toplan tejribesi, şeýle hem erkin ykdysady zolaklary dolandyrmagyň döwrebap usullary bilen içgin tanyşdyryldy.
Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, milli kanunçylygy halkara söwda kadalaryna we BSG-niň ylalaşyklaryna laýyk getirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parlamentiň öňünde durýan wezipeleri amala aşyrmak we bu ugurda parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmek boýunça pikir alşyldy.
Geçirilen okuw maslahaty Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmekde hem-de ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.